logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Health /Ukynyň bozulmagy, has köp iýmegimize sebäp bolýar!
  27.12.2022
1352
Ukynyň bozulmagy, has köp iýmegimize sebäp bolýar!

Eger gije kadaly we ýeterlik ukyny alyp bolmasa ertesi gün artykmaç iýmitlenmek meýli döreýändigini eşiden ýa-da okan bolmagyňyz mümkin. Munuň sebäbini öwrenýän alymlar käbir netijä geldiler. Bu netijeler «Sleep» žurnalynda çap edildi.

Alymlardan ybarat toparyň netijelerine görä, ukynyň pes bolmagy açlygymyzy kadalaşdyrýan endokannabinoid ulgamynda kynçylyk döredýär. Gözlegçiler bu netijä gelmek üçin 14 sany erkek we zenan maşgalanyň gatnaşmagyndaky tejribede uky endiklerine gözegçilik etdiler. Geçirilen tejribede, 6 gatnaşyjy 7.5 sagat uklady, 8 gatnaşyja bary-ýogy 4 sagat uklamaga rugsat berildi. Soňra bolsa iki toparda hem açlyk, lezzet we refleks ölçenildi. Mundan başga-da, her sagat alnan gan nusgalary seljerildi.

Topar aslynda açlygy we bedeniň energiýa derejesini kadalaşdyrýan «2-AG» atly endokannabinoidi yzarlady. Gözleýän zatlaryny hem tapdylar. Kadaly uklamadyklarda «2-AG»-niň derejesi gaty ýokarydy. Topar erbet uky endokannabinoid ulgamyny işjeňleşdirýär we şeýlelik bilen ony has köp iýmäge iterýär diýen netijä geldi. Şeýle hem, synagyň ahyrynda gowy uklamadyklaryň has köp kaloriýaly iýmitlere garşy durup bilmejekdikleri ýüze çykaryldy.

Synag gysga möhletli we gaty az adamyň gatnaşmagynda geçirildi. Ýöne alymlar şeýle-de bolsa bu netijeleriň örän möhümdigini aýdýar.

Dünýäde 7 sagatdan az uklaýan adamlar gaty köp. Bu diýmek bolsa, semizlige has soňra bolsa beýleki saglyk meselelerine getirýär. Şonuň üçin her gün kadaly ukyny almagy maslahat berýäris! 

 

Akbarali ORUNBAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.