Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
  26.11.2022
846
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Ýakynda Tejen etrabynyň Altyn asyr Tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanasynda maşgala agzybirligi, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak hem-de ýaramaz endiklerden daşda durmak boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bu wagyz-nesihat çäresine kärhananyň zähmetkeşleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde Tejen etrap, şäher döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy E.Muhammedow, TKA-nyň Tejen etrap birleşmesiniň başlygy G.Sähedow, TMÝG-nyň Tejen etrap Geňeşiniň başlygy A.Aýdogdyýew, TDP-nyň Tejen etrap komitetiniň başlygy G.Gurbanow, Altyn asyr Tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy R.Oranýazow  dagylar çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş neslimiziň arassa ahlakly, berk-bedenli, sagdyn-ruhly, Watana wepaly bolup ýetişmekleri üçin halkymyzyň bolelin eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýändigi, ilat arasynda durmuşa geçirilýän kadalaşdyryjy hukuknamalar hem-de olary ýerine ýetirmekde, maşgala agzybirligi, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler, eziz Watanymyzda ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edilen maksatnamasynyň çäklerinde ýaşlaryň arasynda arakhorlugyň, neşekeşligiň ýa-da pishatropik maddalara baglylygyň öňüni almak we bu ýaramaz endiklere bagly ýaş raýatlary bejermek we dikeltmek boýunça işleriň geçirilişi barada hem-de ýaramaz endiklerden daşda durup, maşgala agzybirligini, jebisligini we berkligini gazanmak şeýle hem çagalaryň doly maşgalada terbiýelenmeklerini gazanmak her bir türkmen maşgalasy üçin uly bir baýlykdygyny nygtap geçdiler. 

 

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň esasy hünärmeni.