logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Woleýbol boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi
  09.03.2023
1054
Woleýbol boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiň sport zalynda woleýbol boýunça gyzlaryň arasynda welaýatyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilelikde gurady.

Welaýatymyzyň etraplaryndan ýaş woleýbolçy gyzlardan ybarat toparlaryň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşyň netijesinde güýçli toparlar ýüze çykdy. Tejen etrabynyň topary birinji, Kaka etrabynyň topary ikinji, Bäherden etrabynyň topary üçünji orunlary eýeledi.

Ýaryşyň ýeňijilerine «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.