logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Ýaşlar baradaky alada döwletimiziň ileri tutulýan wezipesidir
  26.05.2025
708
Ýaşlar baradaky alada döwletimiziň ileri tutulýan wezipesidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, dürli ugurlarda işjeň çykyş etmegi, ukyplaryny ösdürip, saýlap alan hünär ugrunda kämilleşmegi üçin döwlet derejesinde uly tagallalar edilýär. Munuň özeninde hormatly Prezidentimiziň ýaşlara ünsi, ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmagyna, tejribe toplamagyna, täze tehnologiýalara we daşary ýurt dillerine erk etmegine giň mümkinçilikleri döretmek baradaky başlangyçlary durýar. Bu syýasat diňe bir ýaşlaryň geljegine däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň ösüşiniň berk binýady hökmünde çykyş edýär.

 

Döwletimiziň ýaşlara uly goldaw bermegi, olaryň kämil, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa, watansöýüji we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegini üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli çäreleriň geçirilmegi, Türkmenistanyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunynda beýan edilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Ýurdumyzyň ähli ulgamyndaky ösüşler ýaşlara täze mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaş ýolbaşçylara uly ynam bildirilmeginiň zerurdygyny nygtamagy ýaş nesle ynamyň ýokarydygyny görkezýär. Pähim-paýhasly ýaşulularyň tejribesi bilen ýaşlaryň zähmetsöýerligi, döredijiligi utgaşanda, islendik beýik maksada ýetmek mümkin bolýar.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň möçberli işler ýaşlaryň jemgyýetde işjeň orny eýelemegine, olaryň bilim derejeleriniň ýokarlanmagyna, dünýä ülňülerine laýyk ylmy barlaglary alyp barmaklaryna giň ýol açýar. Bu bolsa Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da artmagyna, ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagyna itergi berýär.

 

Döwletimiziň ýaşlara döredýän şertleri olaryň halkara tejribesine eýe bolmagyna, hünär taýdan kämilleşmegine, bilim we ylym ulgamynda üstünlik gazanmagyna giň ýol açýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini goldamakda edýän tagallalary olaryň geljegi bolan ýurt üçin işjeň, jogapkärli we döwrebap nesil hökmünde kemala gelmegine uly itergi berýär.

 

Aýlar JUMAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşylary institutynyň talyby.