logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Ýaşyl tugumyz dünýäniň iň beýik binasynda
  28.09.2022
1328
Ýaşyl tugumyz dünýäniň iň beýik binasynda

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän dünýäniň iň beýik binasy bolan «Burj-Halifa» binasynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekili ýerleşdirildi. Bu ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe, doganlyk halkyň özboluşly sowgady boldy. Dünýäniň dürli künjeklerinden bu ýere gelen jahankeşdeler, ajaýyp Türkmen tugy şekillendirilen «Burj-Halifa» binasynyň öňünde surata düşdüler.


Belläp geçsek, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän «Burj-Halifa» binasy  2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda dünýäniň iň beýik binasy diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu binanyň umumy beýikligi 828 metr bolup durýar. Birleşen Arap Emirlikleri 2019-njy ýyldan bäri her ýyl ýurdumyzda dabaraly ýagdaýda bellenilýän Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli «Burj-Halifa» binasynda Türkmen tugunyň şekilini ýerleşdirip gelýär. Bu iki döwletiň arasynda däbe öwrülen dostlukly diplomatik gatnaşyklaryň has-da berkeýändiginiň nyşanydyr.