logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Ýere golaý suw bilen örtülen täze planeta tapyldy
  01.09.2022
1956
Ýere golaý suw bilen örtülen täze planeta tapyldy

Ýerden bary-ýogy 100 ýagtylyk ýyly uzaklygynda suw bilen örtülen täze planeta tapyldy.

 

 

Gün ulgamymyzdaky ähli planetalar Günüň daşyndan aýlanýar. Beýleki ýyldyzlary öz daşyndan aýlaýan planetalara ekzoplanetalar diýilýär. Ekzoplanetalaryň daşyndan aýlanýan ýagty ýyldyzlary sebäpli teleskoplar arkaly kesgitlemek gaty kyn.

 

 

Halkara astronomlar topary «TOI-1452 b» diýlip atlandyrylan täze ekzoplanetany tapdy. Ýerden bary-ýogy 100 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän bu täze planeta durşuna diýen ýaly suw bilen gurşalan.

 

 

Astronomlar geljek ýyllarda Jeýms Webb teleskopy bilen bu planetany jikme-jik öwrenip onda bar bolan täsin syrlary öwrenip bolar diýip çaklaýarlar.