logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Ýetginjek ýaşdaky ölümleriň 5-den 1-i alkogol bilen baglanyşykly!
  03.11.2022
1161
Ýetginjek ýaşdaky ölümleriň 5-den 1-i alkogol bilen baglanyşykly!

ABŞ-da geçirilen gözleg alkogol bilen baglanyşykly örän täsin netijäni ýüze çykardy. Ýurtda 20 ýaşdan 49 ýaş aralygyndaky 5 ölümden 1-iniň aşa köp spirtli içgileri içmek bilen baglanyşyklydygy mälim edildi. Geçirilen gözleg, «JAMA Network Open» lukmançylyk žurnalynda neşir edildi.

Gözleglere ýolbaşçylyk eden alymlar alkogolyň ýurt boýunça ýetginjek ýaşdaky ölümleriň esasy sebäplerinden biridigini bilip galdylar. Gözlegde 2015-nji ýyldan häzirki wagta çenli bolan aralykdaky maglumatlara esaslanyldy.