logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi.
  25.07.2025
1367
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi.

2025-nji ýylyň 22-23-nji iýul günleri, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat

sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. Çärä birnäçe metbugat işgärleri we meýletinçi

ýaşlar gatnaşdylar. 2 gün dowam eden çäre ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy

Jon Makgregoryň çykyşy bilen badalga aldy. Alyp baryjylar hökmünde, Hukuk

maslahatçysy Abdulkerim Muhammedow, “Нейтральный Туркменистан” gazetiniň işgäri

Irina Ymamkulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň işgäri Swetlana

Çirsowa, şeýle hem, onlaýn görnüşde halkara ekspert, Gazagystandaky “MediaNet”

Halkara žurnalistika merkeziniň wekili gatnaşdylar we çykyş etdiler. Metbugat sowatlylygy

we tehnologiýanyň metbugat ulgamyna ornaşmagy ýaly birnäçe gyzykly çykyşlar boldy.

Esasan-da, Hukuk maslahatçysy Abdulkerim Muhammedowyň eden çykyşynda

žurnalistleriň umumy hukuklary barada gyzykly gürrüňleri berdi.

Çykyşlar gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu barada çärä gatnaşan

habarçylarymyz hem öz oňyn teswirlerini berdiler. Mundan başga-da çykyşlaryň aralarynda

geçirilen kofe we nahar arakesmeleri we oýunlar çäräniň gyzykly we ýatda galyjy

bolmagyna uly goşant goşdy. Çykyşlar, dürli-dürli oýunlar bilen utgaşan bu çäre

ýurdumyzda metbugat sowatlylygyny has-da ösdürmeklige we ýaşlary metbugat ulgamyna

çekmeklige gönükdirilendir.

     

Oraz PENJIÝEW