logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Technology /Ýurdumyz sebitiň maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm merkezidir
  23.05.2023
702
Ýurdumyz sebitiň maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm merkezidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde dünýä nusgalyk, uly tehnologiýa ösüşe eýe bolundy. Onda innowasiýalaryň, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ähli ulgamlaryň kompýuterleşdirilmegine hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini, şol sanda aragatnaşyk ulgamynda gazanylanlaryň özleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Ilkinji milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy netijesinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikler açyldy. Halkara ülňülerine gabat gelýän hem-de maglumat alyşmagyň ýokary hilli üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň sebit derejesinde möhüm merkez, möhüm maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde ähmiýetiniň barha artmagyna şert döredýär. Pudaklaýyn düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, iň öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagy netijesinde magumat-aragatnaşyk, sanly hyzmatlaryň köptaraply ulgamy üstünlikli hereket edýär.

Maglumat we telekommunikasiýa hyzmatlary kanunçylyk-hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy dowam etdirilýär. Häzirki wagtda maglumat-aragatnaşyk ulgamy milli ykdysadyýetimiziň has okgunly ösýän pudaklarynyň hatarynda durýar. Pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen, halkara derejesinde maglumatlaryň geçirilişi diwersifikasiýalaşdyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara baş süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamlarynyň bäşisini özüne birikdirýär, ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerinde kabel ulgamlarynyň süýüm-optiki geçirijiler bilen çalşyrylmagy dowam etdirilýär, munuň özi häzirki zaman ýokary tehnologiýaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün edýär. Internet hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň sany ýokary depginlerde artmak bilen, Wi-Fi tehnologiýasy esasynda internet hyzmatlary ýola goýulýar, kämil tehnologiýalara daýanýan ykjam internet hyzmatlary hödürlenilýär. Hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek hem-de hilini gowulandyrmak, şeýle hem olaryň ýaýrawyny artdyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylmagy geljekde maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň binýadyny berkitmäge, tehniki üpjünçiligini artdyrmaga, internetden peýdalanyjylaryň sanyny artdyrmak boýunça degişli çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şeýle il bähbitli, ýurt ähmiýetli döwletli başlangyçlary bilen ýurdumyzy gülledýän Arkadagly Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir! 

 

Selbi KERIMOWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň talyby.