logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty
  26.12.2022
1500
Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: 

Balkan welaýatynda:
üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyò kenarýaka etraplarynda +4... +9 gradus maýyl bolar. 

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3... +8 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +9 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 sowukdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3... +8 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradus sowukdan 0... -5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3... +2 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Paýtagtymyz Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5 — 7 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +1 gradusdan +2...… +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5... +7 gradusdan, +10... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.