logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary «Aziýanyň çagalary» atly II halkara gyşky sport oýunlaryna gatnaşar
  25.01.2023
1278
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary «Aziýanyň çagalary» atly II halkara gyşky sport oýunlaryna gatnaşar

Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň «Aziýanyň çagalary» atly II halkara gyşky sport oýunlarynda ýaryşjak sport görnüşi belli boldy. Olar şu ýylyň 23-nji fewralyndan 5-nji marty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň şäherlerinde geçiriljek oýunlara şort-trek boýunça gatnaşarlar. Häzirki wagtda mekdep okuwçylary bu halkara sport oýunlaryna ykjam taýýarlyk görýärler.

Ýaryşyň maksatnamasyna sportuň şort-trek, dag lyžasy, snoubord, lyžaly typmak, tramplinden bökmek, hokkeý, figuralaýyn typmak hem-de ilkinji gezek kýorling, fristaýl we konkili typmak görnüşleri girizildi. Ýaryşa Aziýa yklymynyň 20 döwletinden wekilleriň gatnaşjakdygy habar berilýär.

Ýeri gelende ýatlasak, 2022-nji ýylyň tomsunda türkmenistanly çagalar Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» VII halkara tomusky sport oýunlarynda hem şowly çykyş edipdiler.