logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Ýyldyz boksçy «Floyd Mayweather» - Youtuber «Deji Olatunji» bilen ringe çykar
  09.11.2022
1488
Ýyldyz boksçy «Floyd Mayweather» - Youtuber «Deji Olatunji» bilen ringe çykar

ABŞ-nyň öňki ýyldyz boksçysy Floyd Mayweather – iňlis meşhur youtuber Deji Olatunji bilen ringe çykar. Bu tutluşyk görkezme çykyşy görnüşinde bolar.

Floyd Mayweather öz saýlap alan hünäri bolan boks sportunda geçiren 50 oýnunyň ählisinde ýeňiş gazandy. 45 ýaşly Mayweather, «Youtube» kanalynda 11 milliona golaý yzarlaýjysy bolan 25 ýaşly meşhur Olatunji bilen duşuşar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek oýun 13-nji noýabrda «Coca-Cola Arena»-da geçiriler.

Belläp geçsek, Mayweather 2017-nji ýylda Irlandiýanyň garyşyk söweş sungaty boýunça meşhur göreşijisi «Conor McGregor»-y ýeňip öz saýlap alan hünärini (boksy) tamamlady.