logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Ýylyň iň göreldeli partiýa komiteti» yglan edildi
  27.12.2022
1014
«Ýylyň iň göreldeli partiýa komiteti» yglan edildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komiteti «Ýylyň iň göreldeli partiýa komiteti» diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň nobatdaky ýeňijileriniň ― partiýanyň etrap komitetiniň işgärleriniň, agzalarynyň, partiýa guramaçylarynyň we wagyzçylarynyň ýylyň tutuş dowamynda alyp baran işlerine ýokary baha berdi. Bäsleşikde partiýanyň Saýat etrap komiteti ikinji, Türkmenabat şäher komiteti üçünji orunlary eýelediler. Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiň mugallymy Döwletmyrat Sadow bolsa «Ýylyň iň göreldeli wagyzçysy» diýlip yglan edildi. Ýeňijilere welaýat komitetiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.